Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
26 Oktýabr 2026
Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu maksatnama döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek, sanly özgertmeler, ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak we durmuş ulgamy ýaly ugurlary öz içine alýar.

BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we durnukly ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar, şeýle hem amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasyndaky işjeň dialogy dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy.