«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» bäsleşiginiň ýeňijisi «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglandy
26 Oktýabr 2026
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» bäsleşiginiň ýeňijisi «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň arasynda geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde türkmen alabaý itleriniň arasynda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi