Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda durnukly ösüş depginini saklap, önümçilik görkezijisini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 124,2 göterime ýetirdi. Bu barada 2-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Oba hojalyk ministrligi boýunça ösüş 113,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,1 göterime deň boldy. Şeýle hem «Türkmenpagta» döwlet konserni 140,3 göterim, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi 125,8 göterim, Azyk senagaty döwlet birleşigi 120,3 göterim ösüş gazandy. «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi boýunça bu görkeziji 100,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,5 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça bolsa 104,3 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144,2 göterim ýerine ýetirildi.
Mejlisde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýygnalan pagta hasylyny pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul etmek we gaýtadan işlemek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutany pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.