Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýär
03 Oktýabr 2026
Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýär

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 93-sine gatnaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 20-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň we ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi