26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewlerimiziň şanyna guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisiniň we milli atşynaslyk hem-de seýisçilik sungaty boýunça pikir alyşmalaryň geçiriljek ýerlerinde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, halkara çäreleriň guramaçylyk meseleleri boýunça hiç bir zat ünsden düşürilmeli däldir. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde ähmiýeti bolan mümkinçilikleriň ýokary derejesi üpjün edilmelidir.
Ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galýandygyny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejedäki guramaçylyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylaryň maglumatlaryny diňledi.
Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewlerine bagyşlanan çäreler we halkara forumlar ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Munuň özi geçirilýän çärelerde şu ýylyň şygarynyň öz beýanyny tapmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Bu ýerde degişli ýolbaşçylar gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler, şanly Garaşsyzlygymyz mynasybetli meýilleşdirilen toý-baýramlaryň uludan dabaralandyrylmagy barada giňişleýin maglumat berdiler.
Öňde boljak baýramçylyk çäreleri we meýilleşdirilen maslahatlaryň medeni maksatnamasy hem-de halkara forumlaryň gün tertibine giriziljek meseleler häzirki döwürde halkara giňişlikde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmalar nazara alnyp taýýarlanyldy. Munuň özi Türkmenistanda giňden bellenilýän toý-baýramlaryň çäklerinde guralýan halkara we milli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün eder.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri, assosiasiýanyň 16-njy mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler barada giňişleýin maglumаt berdi.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň dowamynda ahalteke atlary bilen baglanyşykly halkara we milli çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini belledi. Olar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galmagyny üpjün etdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek. Niderlandlar Patyşalygynda atly sport boýunça ýaryşlaryň, ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň abraýyny has-da belende göterdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew şu ýylyň dowamynda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde meýilleşdirilen toý-baýramlaryň, at çapyşyklarynyň we çäreleriň ýokary derejede guralmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bedew atlarymyz bilen baglanyşykly çäreler türkmen halkynyň milli toý dessurlary bilen utgaşdyrylar.
Şeýle hem wise-premýer Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap, atçylyk pudagyny ösdürmekde döredilýän şertler üçin özüniň hoşallygyny bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralarda halkymyzyň behişdi bedewlerimize bolan mizemez söýgüsiniň duýulmalydygyny belledi. Tutulýan toýlar ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir.
Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän ahalteke bedewleri türkmen halkynyň dünýä atşynaslygyna goşan ägirt uly goşandydyr. Ynsan gylykly bedewler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşyna, hemrasyna öwrülipdir. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli dünýägaraýşynyň we seýisçilik sungatynyň dünýä nusgalyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Şeýlelikde, türkmen atlary dünýä giňişliginde aýratyn orna mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň toý-baýramlarynyň baş bezegine öwrülendigini belläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende göterendigini aýtdy. Munuň özi ahalteke atlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülendiginiň aýdyň güwäsidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan giňden wagyz edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etdi. Munuň özi Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň teleýaýlymlarynyň işgärleriniň ahalteke bedewlerine bagyşlanan wideofilmleri döretmeklerine giň ýol açdy. Şunuň bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen çäreleriň, telewizion filmleriň döwletara bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu işlere degişli ýolbaşçylaryň örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi dünýäniň ösen tejribesiniň we bu ugur boýunça häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň netijeli özleşdirilmeginde ähmiýetlidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ähli kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi