Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynda 6-njy awgustda maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlandy. Maslahata Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň alymlary, türkiýeli we türkmenistanly talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmekdäki we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekdäki eýeleýän orny bellenilip geçildi. Şeýle hem şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurduň gazanan sepgitleriniň we ösüş görkezijileriniň jemleriniň jemlenjekdigi barada nygtaldy.
Mundan başga-da, gatnaşyjylara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjy barada giňişleýin maglumat berildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu Kararnamanyň 78 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerini ilerletmäge bolan giň halkara goldawynyň nobatdaky subutnamasy boldy.