Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde ulag-logistika ulgamy döwletleriň, sebitleriň özara integrasiýasyny üpjün edýän iň esasy guraldyr. Türkmenistanyň özüniň amatly geografiki ýerleşişi netijesinde taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz Ýewraziýa materiginiň iň iri üstaşyr (tranzit) çatrygyna öwrülýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2026 – 2035–nji ýyllaryň ,,Durnukly ulag desgalary’’ diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan Merkezi Aziýa günbatar böleginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşip, Günorta Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Hytaýy baglanyşdyrýan tebigy köprüdir. Ýurduň çäk taýdan bu artykmaçlygy diňe bir ykdysady girdejileri däl, eýsem, sebitde durnuklylygy üpjün ediji esasy geosyýasy gurala öwrüldi. ,,Ulag diplomatiýasy’’ arkaly Türkmenistan goňşy we sebitara döwletler bilen bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Günorta – Günbatar geçelgesi Hytaýdan ugraýan haryt kerwenleriniň Hazar deňzi we Kawkaz üsti bilen Ýewropa ýetirilmegini üpjün edýän multimodal (birnäçe ulag görnüşli) ýoldur. Onuň möhüm bölegi bolan Lapis Lazuli (Lazulit) geçelgesi Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugruny yzarlaýar we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwdany işjeňleşdirýär.
Türkmenbaşy Halkara porty: Hazar deňziniň iň iri we döwrebap porty bolup, ýylda 17 million tonna gury ýük hem–de 300 müň ýolagçy kabul etmäge ukyplydyr. Ol ,,Deňiz derwezesi’’ hökmünde Gündogar – Günbatar geçelgesiniň ýüregidir.
Arkadag şäheri: “Akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar esasynda gurlan bu şäherde täze sanly ulag menzilleri we logistika dolandyryş merkezleri döredilýär.
Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleri diňe bir milli ykdysadyýetiň däl, eýsem, bütin Ýewraziýa ykdysady giňişliginiň ösüşine uly goşant goşýar. Ýurduň ulag ulgamyna goýýan maýa goýumlary, döwrebap gurlan demir we awtomobil ýollary, kuwwatly deňiz porty we dünýä derejeli aeroportlary Türkmenistany dünýäniň iň ynamdar we bähbitli logistika merkezine öwürdi. Geljekde bütindünýä sanly söwda ulgamlarynyň integrasiýasy bilen bu geçelgeleriň ähmiýeti has-da artýar.