«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň wekili Tbiliside geçirilen okuw seminaryna gatnaşdy
16 Mart 2026
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň wekili Tbiliside geçirilen okuw seminaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy M.Ataýew 10-11-nji martda Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçirilen Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin tölegler boýunça okuw seminaryna gatnaşdy. Bu çäre Bütindünýä poçta bileleşiginiň halkara býurosy tarapyndan guraldy. Ol Ýewropanyň we GDA-nyň poçta operatorlarynyň hatlar, kiçi bukjalar hem-de olaryň ýollanmalary üçin BPB-niň töleg ulgamlary baradaky tehniki bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi. Okuw seminaryna gatnaşyjylar iki günüň dowamynda BPB-niň 28-nji mejlisinde girizilen töleg ulgamy (ITU) boýunça kabul edilen möhüm çözgütleriň netijesinde girizilen täze töleg ulgamlarynyň aýratynlyklary, olaryň iş ýüzünde ornaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti