Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy — TIF-2026 ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek we iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin möhüm halkara meýdança öwrüldi. Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen wekilleriň, halkara maliýe guramalarynyň we öňdebaryjy kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilen bu iri çärede Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-logistika ulgamyna aýratyn üns berildi.
Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde üpjünçilik zynjyrlarynyň üýtgemegi, täze söwda ugurlarynyň döremegi we ygtybarly ulag aragatnaşyklaryna bolan islegiň artmagy şertlerinde ulag infrastrukturasynyň strategik ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän möhüm ulag halkasy hökmünde çykyş edýär.
Forumyň çäklerinde geçirilen ýörite mejlislerde Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüş mümkinçilikleri, halkara üstaşyr geçelgelerindäki orny, multimodal daşamalar, logistika merkezleriniň döredilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ulag infrastrukturasyna maýa goýumlary çekmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gatnaşyjylar Türkmenistanyň geografik ýerleşişiniň ýurdumyzyň halkara ulag hyzmatdaşlygyndaky ornuny kesgitleýän esasy artykmaçlyklaryň biridigini bellediler. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşýän Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir sebit derejesindäki ulag ulgamlaryny däl, eýsem, dünýä ähmiýetli geçelgeleri hem ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.
Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara ulag geçelgelerini ösdürmekden ybarat bolup durýar. Forumda «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag gatnaşyklaryny giňeltmegiň, şeýle hem Hazarüsti halkara ulag ugrunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bu ugurda möhüm strategik desgalaryň biri hökmünde görkezildi. Döwrebap deňiz portunyň mümkinçilikleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä bazarlaryna çykmagyna, Ýewropa, Kawkaz we Ýakyn Gündogar ugurlary bilen söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine şert döredýär.
Türkmenbaşy portunyň ulag ulgamyndaky ähmiýeti diňe bir ýük gatnawlaryny amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Ol demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglaryny birleşdirýän häzirki zaman logistika merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa halkara ýük akymlaryny has çalt we amatly ugurlar boýunça gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Forumda ulag-logistika ulgamynda multimodal daşamalaryň ösdürilmegine hem aýratyn üns berildi. Bilermenleriň bellemegine görä, häzirki wagtda dünýä söwdasynda dürli ulag görnüşleriniň özara baglanyşykly işlemegini üpjün edýän toplumlaýyn logistika ulgamlary esasy şertleriň birine öwrülýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglarynyň mümkinçiliklerini birleşdirýän bitewi ulag ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler halkara hyzmatdaşlar üçin uly gyzyklanma döredýär. Şeýle çemeleşme ýük daşamalaryň tizligini ýokarlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga we täze söwda ugurlaryny açmaga mümkinçilik berýär.
Forumyň dowamynda ulag ulgamynda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti hem giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar elektron resminama dolanyşygyny, sanly gümrük hyzmatlaryny, ýükleriň hereketine gözegçilik ulgamlaryny we logistika amallaryny awtomatlaşdyrmagy ösdürmegiň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini bellediler.
Sanly tehnologiýalaryň ulag ulgamyna ornaşdyrylmagy diňe bir hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny hem artdyrýar. Bu ugurda döwrebap maglumat ulgamlaryny döretmek we halkara tejribäni ornaşdyrmak Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde görkezildi.
Forumda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ulag-logistika ulgamynyň ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty, durnukly ykdysady ýagdaýy we amatly geografik ýerleşişi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Diplomat Türkmenistanyň halkara ulag we energetika ulgamlaryna goşulyşmak boýunça uly taslamalary durmuşa geçirýändigini aýratyn nygtady. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmek, halkara demir ýol ugurlaryny giňeltmek, täze ulag ýollaryny gurmak we logistika mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly möhüm ugurlar görkezildi.
Forumda daşary ýurt wekilleri hem Türkmenistanyň ulag mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri çykyşlarynda iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşişiniň sebit ulag arabaglanyşygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilik döredýändigini bellediler.
Eýran tarapy «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň we Hazar sebiti arkaly geçýän ugurlaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtady. Bu ugurlar Merkezi Aziýa ýurtlaryna Pars aýlagynyň portlaryna, Ýakyn Gündogar bazarlaryna we halkara söwda ugurlaryna çykmaga goşmaça mümkinçilik berýär.
Türkiýe Respublikasynyň wekilleri hem Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky ornuna aýratyn üns çekdiler. Olaryň bellemegine görä, Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegi we Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy Ýewraziýanyň ulag arabaglanyşyklarynyň täze tapgyra çykmagyna ýardam eder.
Şeýle hem Gyrgyzystanyň wekiliýeti sebit ýurtlarynyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň ähmiýetini belledi. Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ulgamlarynyň özara baglanyşygyny artdyrmak sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde görkezildi.
Türkmenistanyň maýa goýum forumynda ulag-logistika ulgamynyň geljekki ösüş ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy ýurdumyzyň bu pudaga aýratyn ähmiýet berýändigini görkezdi. Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi diňe bir ykdysady ösüşi üpjün edýän ugur bolman, eýsem, Türkmenistanyň halkara ykdysady giňişlikdäki ornuny pugtalandyrýan strategik serişdeleriň biri hökmünde çykyş edýär.
TIF-2026-nyň çäklerinde geçirilen pikir alyşmalar Türkmenistanyň Ýewraziýanyň möhüm ulag merkezleriniň birine öwrülmek boýunça alyp barýan işleriniň halkara derejesinde uly gyzyklanma döredýändigini görkezdi.
Forumda kesgitlenen ugurlar we öňe sürlen başlangyçlar geljekde täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmaga möhüm esas döreder.