Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady.
Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamyny has-da ösdürmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenilýär. Türkmenistanyň halkara abraýyny belende götermekde, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde medeni diplomatiýa aýratyn orun degişlidir.
«Medeni diplomatiýa parahatçylygyň, agzybirligiň, dostlugyň we ynsanperwerligiň dabaralanmasydyr. Berkarar döwletimiziň öne sürýän medeni diplomatiýasy hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň wezipelerinden ugur almak bilen, dünýä halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende göterdi. Ahalteke bedewleriniň gözelligini sungat eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşiklerde, şeýle hem atlary şaý-sepler bilen bezemek boýunça zergärçilik eserleriniň arasyndaky bäsleşikde ýurdumyzyň suratkeşleriniň we halyçylarynyň ýeňiji bolmaklary türkmen sungatynyň dünýä derejesinde kämilleşýändiginiň aýdyň nyşany boldy» diýip, Gutlagda aýdylýar.
Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny we žurnalistikasyny ösdürmekde aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki bäsleşik döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, olaryň zehinini joşdurýar. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan edebiýat we sungat eserleri çeperçiliginiň we kämilliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, suratkeşleri, artistleri, bagşy-sazandalary, kompozitorlary geljekde has-da döredijilikli işläp, iň kämil eserleri bilen bu bäsleşige gatnaşmalydyrlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz geljekde-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi has-da kämilleşdirmäge, onda göz öňünde tutulan ugurlary giňeltmäge, döredijilik işgärleriniň asylly zähmetine mynasyp baha berip, olary yzygiderli höweslendirmäge uly üns bermegi maksat edinýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döredijilikli zähmetlerinde hemişe uly üstünlikleri arzuw etdi.