Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleri bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermisseniň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda ýurtda ekologiýa meselelerine we daşky gurşawy goramaga uly üns berilýändigi nygtaldy. Myhman Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty we ekologiýa diplomatiýasynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy howanyň üýtgemegi, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de çölleşmä garşy göreşmek boýunça anyk çäreleriň görülýändigini mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda kabul edilen 2026-2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Şeýle hem duşuşykda ýurduň ekologiýa babatdaky kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary degişli kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada maglumat berdiler.