Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň, Hökümetiniň we hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de bütin rus halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz öz ýüzlenmesinde şu wagtky döwürde Türkmenistan bilen Russiýanyň dürli ugurlarda ýokary netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn nygtady. Şeýle hem ol strategik derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly mundan beýläk-de halklaryň bähbidine güýçli depginde ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Russiýanyň ýolbaşçylary Wladimir Putine we Mihail Mişustine berk jan saglyk hem-de egsilmez bagt, dostlukly Russiýa Federasiýasynyň halkyna bolsa hemişelik parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.