Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasyly öndüriler
11 Iýun 2026
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasyly öndüriler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Resminama ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen tassyklandy.