Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy 30 ýylda: geçmişi, şu güni we geljegi» ady bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli pikir alyşmalar görnüşinde ýaşlar maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd, daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa döwletlerinden ýaş diplomatlar, şeýle-de institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Duşuşykda şertnamanyň işiniň netijeleri, onuň häzirki şertlerde ulanylyşy we ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk işinde ýaşlaryň tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar ýaşlaryň halkara howpsuzlygyna bildirýän gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen bagly meselelere seretdiler. Türkmenistanly we gazagystanly işjeň talyplar ýadro synaglaryndan azat dünýä boýunça çykyş edip, ýaşlaryň arasynda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk düşünjeleriniň giňeldilmegi boýunça teklipleri öňe sürdüler. Maslahatyň netijeleri boýunça ýaşlaryň başlangyçlary esasynda teklipleriň sanawy taýýarlanyldy.