Türkmenistan bolup geçen güýçli ýer titreme zerarly Filippinlere gynanç bildirdi
10 Iýun 2026
Türkmenistan bolup geçen güýçli ýer titreme zerarly Filippinlere gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa ýurduň Mindanao adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.