Türkmenistanyň Prezidenti portugaliýaly kärdeşine gutlag hatyny iberdi
10 Iýun 2026
Türkmenistanyň Prezidenti portugaliýaly kärdeşine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruwa ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.