Türkmenistan Brýusselde öz ulag-üstaşyr mümkinçiligi bilen tanyşdyrdy
21 Aprel 2026
Türkmenistan Brýusselde öz ulag-üstaşyr mümkinçiligi bilen tanyşdyrdy

Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly we netijeli ulag arabaglanyşygyny ösdürmekde ýurduň ornuny ara alyp maslahatlaşmak boýunça “Yklymlary birleşdirmek: Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerini ösdürmek” atly mowzuklaýyn çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri çykyş etdiler we gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikler, ýagny serhet amallaryny kämilleşdirmek, sanlylaşdyrmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak mehanizmlerini ornaşdyrmak hem-de gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň geçirijilik ukybyny giňeltmek barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow hem öz çykyşynda ulag we logistika pudagyny halkara ykdysadyýetiň durnuklylygynyň esasy görkezijileri hökmünde belläp, ýurduň Ýewraziýa üstaşyr merkezleriniň biri hökmünde ornuny berkitmek ugrunda alnyp barylýan infrastruktura işlerine ünsi çekdi.

Çärä şeýle hem Halkara hyzmatdaşlyk boýunça baş müdirligiň (DG INTPA) wekili Şarlotta Adrian we Daşary işler boýunça komitetiň (AFET) agzasy bolan Ýewropa parlamentiniň deputaty Kristian Terheş gatnaşdy. Ýewropa tarapy Merkezi Aziýa bilen ulag arabaglanyşygyna, Hazarüsti geçelgesiniň ösüşine, logistika we gümrük dolandyryşy ulgamyndaky hyzmatdaşlyga gyzyklanmanyň artýandygyny belledi.