Görnükli ussatlaryň eserleri Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlandy
21 Aprel 2026
Görnükli ussatlaryň eserleri Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlandy

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli täze döredijilik sergisi açyldy. Bu medeni çäre ýurdumyzyň sungat äleminiň görnükli wekilleri bolan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ada Gutlyýewiň we Babasary Annamyradowyň işlerini jemledi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Dabaraly çärä tanymal medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Sergä gelen myhmanlar iki sany uly ussadyň özboluşly döredijilik dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.

Sergide Ada Gutlyýewiň 2011 – 2026-njy ýyllar aralygynda döreden, ahalteke bedewleriniň waspyna ýugrulan haly eserleri görkezilýär. Suratkeşiň çeper işlerinde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň gözelligi we asyllylygy öz beýanyny tapýar.

Şeýle hem serginiň dowamynda belli heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň 50-den gowrak saýlama işleri köpçülige hödürlendi. Ussadyň pelsepewi garaýyşlara we abstraksiýa usulyna esaslanýan heýkelleri tomaşaçylarda ebedi gymmatlyklar barada uly täsir galdyrýar.

Milli mirasa bolan döwrebap garaýşy dabaralandyrýan bu sergi şäherimiziň medeni durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Ol türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň sungat arkaly dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.