Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda oba hojalyk toplumynyň ösüşine baha berdi
21 Aprel 2026
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda oba hojalyk toplumynyň ösüşine baha berdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 20-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berdi

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, sebitlerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günler ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlarda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, öri meýdanlarda, daglyk, tokaý we düzlük ýerlerde ýangynyň döremegine garşy sürüm işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkimler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işlere ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.