Hytaýyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Türkmenistanda saparda bolar
15 Aprel 2026
Hytaýyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Türkmenistanda saparda bolar

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan 15 — 17-nji aprel aralygynda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Hytaýyň DIM-niň resmi wekili habar berdi.

Din Sýuesýan türkmen tarapynyň çakylygy boýunça HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hökmünde ýurdumyza geler we «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň başlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar.

Mundan başga-da, Din Sýuesýan Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine gatnaşar we hytaý tarapyndan oňa başlyklyk eder.