Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna girdi
15 Aprel 2026
Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna girdi

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistan ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyň düzümine akklamasiýa esasynda saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Saýlawlar BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň kömekçi edaralarynyň mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Kabul edilen karara laýyklykda, Türkmenistan 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2030-njy ýylyň 31-nji dekabry aralygynda toparyň agzasy hökmünde çykyş eder.

Toparyň işine gatnaşmak ýurtlara ylmy-tehnologiki ösüş, innowasiýalar we durnukly ösüş boýunça halkara gün tertibini emele getirmäge goşant goşmaga mümkinçilik berýär.