Italiýa Respublikasy Türkmenistanda täze ilçisini wezipä belledi. Diplomat Martin Bruk 14-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşygynda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini tassyklamak bilen, iki ýurduň arasynda özara bähbitli dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň we saparlaryň ähmiýetini bellediler. Şunda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Söhbetdeşlikde türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky häzirki ýagdaýy hem-de ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar halkara meýdançalardaky, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesini nygtadylar. Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen ýyl Rim şäherinde açylan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň ähmiýeti barada hem aýdyldy.
Taraplar iki ýurduň öňdebaryjy işewür toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän işewürlik forumlaryny geçirmek tejribesini dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.