Türkmen diplomaty Belarus Respublikasynyň Grodno oblastynda iş saparynda boldy
30 Mart 2026
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew 26-27-nji martda Belarus Respublikasynyň Grodno oblastynda iş saparynda boldy.
26-njy mart güni Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde ýurdumyzda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre guraldy. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň "Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Oňa uniwersitetde bilim alýan türkmen we beýleki daşary ýurtly talyplardyr professor-mugallymlar gatnaşdylar.
Türkmen diplomaty bilen Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk hem geçirildi. Onuň barşynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn tejribeleri öwrenmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäräniň çäklerinde uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary bilen terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyk guraldy.
27-nji martda ilçi Nazarguly Şagulyýew Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň okuw binasy, ýokary okuw düzümi hem-de türkmen talyplarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi