Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
20 Mart 2026
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 19-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyz we täze taryhy eýýam: kuwwatly döwlet, demokratik jemgyýet, ählumumy parahatçylyk we depginli ösüş ýolunyň dowamaty» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň 4 ýyllygyna hem-de şu döwürde gazanylan ösüşlere, olaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy
Maslahata gatnaşyjylar ilki ajaýyp senä bagyşlanyp ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoluny, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary çäräni has-da dabaralandyrdy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmeginiň 4 ýyllygy, Oraza baýramy, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlaglaryny, arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň fewralynda geçirilen saýlawlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynamly ýeňiş gazanyp, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanyldy. Şol ýylyň 19-njy martynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli ýokary derejeli dabara geçirildi.
şeýle hem okaň: