Türkmenistan we Özbegistan awtomobil ýollarynyň gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
17 Mart 2026
Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri Hangeldi Kerimow Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda awtomobil ýollarynyň gurluşygy ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagynyň we ulanylmaga berilmeginiň iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň hem-de ýük daşamalarynyň artmagyna, şeýle hem halkara üstaşyr ugurlarynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigini bellediler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara saparlary guramak, bilermenleriň iş duşuşyklaryny geçirmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.
Çeşme: “Dunyo” habarlar agentligi
şeýle hem okaň: