«Nowruz ýaýlasyna» awtobus gatnawlary guralar
16 Mart 2026
Türkmenistanda Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylar.
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasynda» Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralary üçin 20-23-nji mart aralygynda 72-nji belgili «Awtokombinat — Türkmeniň ak öýi — Awtokombinat» şäherýaka ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň guralýandygy barada habar berýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 49-34-95; 44-35-20.
şeýle hem okaň: