Türkmen diplomaty Bolgariýanyň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşdy
05 Mart 2026
Türkmen diplomaty Bolgariýanyň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Bolgariýanyň milli baýramy – Azat ediş güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparynyň çäklerinde türkmen diplomaty Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Iliana Ýotowa hem-de Bolgariýanyň Premýer-ministri Andreý Gýurowa Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de türkmen ilçisi bilen Bolgariýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça baş müdirliginiň Baş direktory Petko Doýkowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen diplomaty bolgar tarapyna 2026-njy ýylda Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi we Bolgariýanyň wekillerine baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy gowşurdy. Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen, söhbetdeşler hyzmatdaşlygy döwletara derejesinde, şeýle hem halkara guramalarynyň ugry boýunça, şol sanda BMG-niň we Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi dialogynyň çäklerinde işjeňleşdirmegiň möhümdigini tassykladylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki birnäçe pudaklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-bolgar toparynyň nobatdaky mejlisini guramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça amala aşyrylýan özara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, diplomatlar ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegiň senelerine garadylar. Ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem bu ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek hem gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň temasy boldy. Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi