24-nji fewralda Tbiliside Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda ýurdumyzyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly salamyny, hoşniýetli sözlerini hem-de gruzin halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşlikde türkmen tarapy iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän dostlukly gatnaşyklaryň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen işjeň ösdürilýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigi bellenilip, onuň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşler ýokary derejede guralan saparlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen bilelikdäki resminamalaryň ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli, dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda has-da işjeňleşmegine itergi berýändigi barada aýtdylar. Şeýle-de iki döwletiň energetika, ulag-logistika, senagat babatda, şol sanda täze tehnologiýalary dürli pudaklara ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň ykdysady ösüşlere oňyn täsir edýändigi bellenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Mejlisi