Aşgabatda görnükli şotland şahyrynyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy
24 Fewral 2026
Aşgabatda görnükli şotland şahyrynyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Aşgabatda görnükli şotland şahyry Robert Býornsyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Oňa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Kabul edişlik dabarasynyň başynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon hem-de Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda konstruktiw hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi nygtaldy. Taraplar şeýle duşuşyklaryň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde medeni diplomatiýanyň netijeli guraly hökmündäki aýratyn ornuny bellediler.

Çärede şotland baýramçylygynyň ruhy Býornsyň nusgawy şygyrlary we joşgunly «Keýli» tanslary arkaly döredildi. Kabul edişlik agşamynyň esasy wakasy bolsa «Haggis» tagamynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şahyryň öz meşhur odalarynyň birini bagyşlap, şotland ruhunyň we agzybirliginiň nyşany hökmünde wasp eden bu meşhur tagamy myhmanlar üçin Birleşen Patyşalygyň taryhyna we däp-dessurlaryna özboluşly syýahat boldy.

Dünýäniň ähli künjeginde «Býornsyň gijesi» (Burns Night) resmi taýdan 25-nji ýanwarda (1759-njy ýylda Alloueý obasynda dünýä inen şahyryň doglan gününde) bellenilse-de, onuň hormatyna guralýan baýramçylyk agşamlary fewral aýyna çenli dowam edýär.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti