Täze ýyl baýramy mynasybetli awtobus gatnawlarynyň iş tertibi
31 Dekabr 2025
Täze ýyl baýramy mynasybetli awtobus gatnawlarynyň iş tertibi

Hormatly watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem halkymyzyň bähbidine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi Täze ýyl baýramy mynasybetli halkymyzyň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň gatnawlarynyň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, awtobuslaryň hereketiniň 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 06:00-dan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda gije sagat 02:00-a çenli dowam edýändigini habar berýär.

Bellenilen wagt aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň Baş arçalaryna barýan ähli ugurlar boýunça awtobuslar raýatlarymyza yzygiderli hyzmat eder.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwrebap dynç almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Täze ýylyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!