Hytaýyň Merkezi Aziýadaky göni maýa goýumlarynyň 27 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär
27 Dekabr 2025
Hytaýyň Merkezi Aziýadaky göni maýa goýumlarynyň 27 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär

Hytaýyň Merkezi Aziýadaky göni maýa goýumlarynyň möçberi 10 ýylyň içinde iki esse artdy. Bu barada Ýewraziýanyň ösüş bankynyň 25-nji dekabrda çap edilen «Hytaý we Ýewraziýa sebiti: Maýa goýum akymlarynyň seljermesi» atly hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda bellenilişine görä, Hytaýyň Merkezi Aziýadaky göni maýa goýumlarynyň möçberi 2016-njy ýylda 19,6 milliard amerikan dollaryna deň bolan bolsa, bu görkeziji 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli 35,9 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şol maýa goýumlarynyň 32 göterimi Gazagystanyň, 30 göterimi Özbegistanyň, 27 göterimi Türkmenistanyň, 6 göterimi Täjigistanyň we 5 göterimi Gyrgyz Respublikasynyň paýyna düşýär.

Hytaýyň Türkmenistandaky göni maýa goýumlary 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli 9,5 milliard dollara çenli ýokarlandy. Hytaý Türkmenistanda, esasan, energetika taslamalaryna has köp maýa goýýar diýlip, habarda bellenilýär.