Türkmenistanly mekdep okuwçylary, talyplar şu ýylyň 10 aýynda halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala mynasyp boldular. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy innowasion usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. Şeýle hem halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň, ders bäsleşikleriniň ençemesi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, bilim işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.