
«Razor Blade» diýen at bilen tanalyp, seýrek duş gelýän «Aston Martin» awtoulagy indi del awtoulaglary toplaýjylar üçin elýeterli boldy. «Aston Martin» kysymly nusgawy awtoulaglar boýunça bilermen hasaplanýan «Ecurie Bertelli» kompaniýasy geçen asyryň başlarynda çykarylan awtoulagyň örän seýrek duş gelýän nusgasyny bazara çykardy – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Taslamasy 1923-nji ýylda işlenip taýýarlanan awtoulag özüniň gaty dar kuzowy bilen bu kysymly ulaglaryň özboluşly görnüşidir. Onuň iň giň hasaplanýan nokadyndaky ini bary-ýogy 47 santimetre barabar, bu bolsa, satyjynyň aýtmagyna görä, onuň dünýäniň iň dar awtoulagydygyny aňladýar. Ilkibaşda iň ýokary tizlik rekordyny goýmak üçin işlenip taýýarlanan «Razor Blade» göwrümi 1,5 litrlik 4 silindrli hereketlendiriji bilen üpjün edilip, 55 at güýjüne eýedi.
Onuň öňünde ilkinji goýlan maksady, ýagny sagatda 163,17 km tizlik bilen rekord gazanmak maksady başartmadyk bolsa-da, bu awtoulag 1920-nji ýyllaryň dowamynda dürli ýaryşlara üstünlikli gatnaşypdy. 1950-nji ýyllardan soň bu özboluşly awtoulag ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň muzeýlerinde görkezişe goýulýar. Häzirki wagtda bu täsin nusga 750 müň funt sterling baha kesilip, satuwa goýuldy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»