Türkmenistanyň Prezidenti «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
30 Sentýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ata Watany Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize şanly sene mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem işewür ata Watany Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda okgunly ösýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ahmet Çalyga täze innowasiýalary we kämil mümkinçilikleri özünde jemleýän atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini kompaniýanyň doly derejede ýerine ýetirendigi üçin özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.