
«AutoWAZ» model hatarynyň täzelenmegini giňeltmeklige taýýarlyk görýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli 12 sany täze Lada modelini çykarmagy meýilleşdirýär – diýip, gazeta.ru saýty habar berýär.
Täze awtoulaglaryň arasynda häzirki wagtda önümçilikde synagdan geçirilýän «Lada Iskra» kysymy aýratyn ünsi çekdirýär. AutoWAZ-yň baştutany Maksim Sokolow kompaniýanyň üýtgäp durýan bazar şertlerine uýgunlaşmaga we ýüze çykan çäklendirmeleri, şol sanda sanksiýalary üstünlikli ýeňip geçmäge taýýardygyny nygtady.
Öndüriji 2025-nji ýylda awtoulaglaryň öndürilişini ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýär, bu san 500 müň awtoulag bolar, emma ahyrky görkezijiler bazardaky ýagdaýa bagly bolar.