Türkmenistan täze sebitara ulag geçelgesini we Halkara gümrük merkezini döretmegi teklip etdi
02 Oktýabr 2026
Türkmenistan täze sebitara ulag geçelgesini we Halkara gümrük merkezini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanda BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Halkara merkezini hem-de Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňzi arkaly Ýewropa bilen birleşdirýän täze sebitara ulag geçelgesini döretmek teklip edilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýadyna hem-de gözegçilik-seljeriş toplumlaryna eýe bolmak bilen, bu halkara başlangyçlary amala aşyrmaga we Geljekki merkeziň bökdençsiz işini üpjün etmäge doly taýýardygyny bildirýär. Bu barada döwlet edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu strategik başlangyçlar barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy debatlarynda eden çykyşynda bildirdi. Çykyşyň doly detallary BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda neşir edildi.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi gümrük kadalaryny bir meňzeş ulgama getirmegi, harytlary resmileşdirmegi çaltlandyrmagy, üstaşyr amallary sanlylaşdyrmagy we gury ýer hem-de deňiz serhetlerinde öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmagy aňladýar. Şeýle hem bu ädim ösüp gelýän döwletleriň dünýä bazarlaryna päsgelçiliksiz çykmagyna giň mümkinçilikler açyp, Türkmenistanyň we tutuş sebitiň halkara söwda hem-de logistika ulgamyndaky eýeleýän ornuny ep-esli berkitmäge mümkinçilik berer.