Türkmenistanyň Prezidenti pajygaly waka zerarly Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
26 Sentýabr 2026
Türkmenistanyň Prezidenti pajygaly waka zerarly Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Mangistau welaýatynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu kyn pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi