Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara B.Rojers Türkmenistana bolan saparynyň jemlerini jemledi. Ýokary derejeli diplomat köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin guralan onlaýn brifingiň dowamynda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlary barada durup geçdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Sara Rojersiň Merkezi Aziýa boýunça saparynyň dowamynda geçirilen söhbetdeşlikleriň esasy ugurlarynyň biri öňdebaryjy tehnologiýalar boldy. Döwlet departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň bellemegine görä, ABŞ-nyň tehnologik kompaniýalary we iri maýadarlary emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.
– Emeli aň we data-merkezler baradaky mesele tas her bir duşuşykda, şol sanda ministrlikleriň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde hem gozgaldy. Türkmenistanyň bu ulgama bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygy meni diýseň begendirýär we muňa asla geň galmaýaryn. Ýurduň Hökümeti tehnologik ösüşe hem-de rowaçlyga çalyşýar, amerikan kompaniýalary bolsa emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin zerur bolan tehnologiýalary üpjün etmäge elmydama taýýardyr – diýip, amerikan syýasatçysy belledi.
Saparyň çäklerinde bilim taslamalaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Rojers Kent Steýt uniwersitetiniň (ABŞ) hem-de türkmen tarapynyň arasynda işewürligi dolandyrmagyň magistri (MBA) boýunça bilelikdäki maksatnamanyň taýýarlanýandygy barada habar berdi.
Diplomatyň saparynyň maksatnamasyna Türkmenistanyň taryhy mirasyna bolan çuňňur hormatyň dabaralanmasy hökmünde medeni çäreler hem girizildi. Sara B.Rojers ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldy we bu ýerde üýtgeşik gymmatlygyň – V asyra degişli Buddanyň kellesiniň dikeldiliş işleri bilen tanyşdy.
Žurnalistler bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça Sara B.Rojers Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi. ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary köptaraply dialogyň binýadynyň berkdigini we uly geljeginiň bardygyny nygtady.