Türkmenistan we Koreýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini maslahatlaşdylar
10 Iýun 2026
Türkmenistan we Koreýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aziýanyň syýasy partiýalarynyň halkara maslahatynyň (ICAPP) Sekretariatynyň Ýörite wekili Çong Te Iniň arasynda 9-njy iýunda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda ýokary derejeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň we parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda energetika, himiýa senagaty, ulag we infrastruktura ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler.