Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Brýusselde ýerleşýän ştab-kwartirasynda guramanyň Ýewropa sebitiniň Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň web saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, her ýyl guralýan maslahat 16-17-nji aprelde bolup geçdi. Bu ýyl ol Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça wise-başlygy Megan Şounyň başlyklygynda geçirildi.
Çäre Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylaryny, Sebitleýin aňtaw gullugynyň aragatnaşyk edarasynyň (RILO) we Sebitleýin mümkinçilikleri ösdürmek boýunça edaralarynyň (ROCB) wekillerini bir ýere jemledi.
Maslahata gatnaşyjylar gümrük mümkinçiliklerini güýçlendirmek, gümrük edaralarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şunda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we utgaşdyryş mehanizmlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi. BGG-niň sebitdäki häzirki başlangyçlary-da ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli edaralaryň, sebitleýin ulgamlaryň işlerine umumy syn berildi.
"Maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurduň halkara gümrük hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge, iň gowy tejribeleri alyşmaga we milli gümrük ulgamyny häzirki zaman halkara standartlaryna laýyklykda ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar" diýlip, habarda nygtalýar.