Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
05 Mart 2026
Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
3-4-nji martda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy. 3-nji martda öz işine başlan mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziýozodanyň bilelikde başlyklyk etmeginde geçirildi. Oňa iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine hem garaldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini, özara söwdany ýokarlandyrmagy, ulag we aragatnaşyk, energetika we suw serişdeleri, senagat we gurluşyk, oba hojalygy, bilim we ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk senagaty, raýat awiasiýasy, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ýaşlar syýasaty we sport ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle-de hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň has-da giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 43,1 million ABŞ dollary möçberinde bolup, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, onuň 17,1 % artandygy nygtaldy. Taraplar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. 4-nji martda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi