24-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy.
25-nji fewral güni irden Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Deňiz Guramasynyň baş sekretary Arsenio Domingesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda deňiz ulaglary we halkara gämi gatnawy ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Raşid Meredow duşuşykda ulag ulgamynda halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Bu ugurda Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasy ýaly birnäçe degişli düzümler bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, deňiz ulaglary ulgamynda halkara konwensiýalaryň berjaý edilişini üpjün etmek, deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygy üçin döwrebap standartlary ornaşdyrmak we halkara borçnamalary göz öňünde tutýan kadalaşdyryjy binýady işläp düzmek boýunça ýurduň yzygiderli iş alyp barýandygy bellenildi.
Söhbetdeşlikde degişli ugurda Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Halkara Deňiz Guramasy bilen konstruktiw gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge we degişli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.