Şu ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde bolan halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin ýurdumyzyň dünýä meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan täze halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli Lebap welaýatynda hem dabaraly çäreler geçirildi.
«Galkynyş» toparyny welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki toý lybasly meýdançada ýaşuly nesliň we ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem-de sungat işgärleri, şäheriň ýaşaýjylary duz-çörek bilen garşy aldylar. Soňra medeni çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň edebi-sazly kompozisiýasy bagşylar toparynyň joşgunly aýdymlary bilen utgaşdy.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary muzeý gymmatlyklary we bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen hem tanyşdylar. Soňra olar Türkmenabat şäheriniň «Bitarap Türkmenistan» şaýolunyň ugry bilen «Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ýola düşdüler. Ýolugruna toparyň agzalary edebi-sazly kompozisiýalary synladylar, şeýle hem behişdi bedewlerimizi wasp edýän şowhunly aýdym-sazlar bilen utgaşan tanslara tomaşa etdiler. Ýerli ýaşaýjylar olary ýoluň iki gyrasynda şowhunly elçarpyşmalar, alkyş sözleri bilen garşy aldylar.
«Türkmeniň ak öýi» binasynda ilki sergi bilen tanşylyp, soňra tomaşalar zalynda çykyşlar diňlenildi. Çykyşlardan soňra dabara gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi. Binanyň sahnasynda ýaýbaňlandyrylan medeni çykyşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary dabara gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Dabaralar tamamlanansoň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaralar geçirilýän ýerinde agzaçar sadakasy berildi.