Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler otagynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kärhananyň sürüjileri bilen ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan ýygnak geçirildi. Ýygnagyň gün tertibine ýol-ulag hadysalarynyň esasy sebäpleri we olaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmek boýunça wagyz-düşündiriş işleri, şeýle hem gyş möwsüminde awtoulagy howpsuz dolandyrmagyň usullary ýaly meseleler girizildi. Türkmenistanyň IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirliginiň wekili çykyş edip, Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri barada belläp geçdi. Ol ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekip, ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirýän esasy sebäpler, ýokary tizligiň howply netijeleri, pyýadalar üçin bellenilen geçelgeleriň düzgünleri, aýlawly ýollarda hereket etmegiň aýratynlyklary barada sürüjilere giňişleýin düşündiriş berdi. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýol infrastrukturasynyň doly täzelenendigi, häzirki zaman wideogözegçilik we tizlik ölçeýji enjamlaryň ornaşdyrylandygy, ýol hereketiniň kadalaryny bozan sürüjilere kanuna laýyklykda jerimeleriň salynýandygy nygtaldy. Çykyşda ilatly ýerlerde tizlik çäginiň 60 km/sag geçmeli däldigi aýratyn bellenildi. Gyş paslynda howa şertleriniň üýtgeýän ýagdaýlarynda — çygly, doňakly we ýagynly ýollarda tizligiň ýokarlandyrylmagynyň, birden saklanmagyň we birden öwrülmegiň ýol-ulag hadysalaryna getirip biljekdigi barada duýduryş berildi. Sürüjilere ähli hereketleri seresaplylyk bilen ýerine ýetirmek, tizligi wagtynda peseltmek boýunça maslahatlar berildi. Soňra kärhananyň wekili çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-logistika ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny häzirki şertlerde täzeden dikeldip, halkara ulag gatnawlarynyň möhüm merkezine öwrülýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydygyny aýtdy. Ýygnak ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegiň, sürüjileriň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezdi.