Aşgabatda iň gowy taksi sürüjilerini we işjeň müşderilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
26 Noýabr 2025
Aşgabatda iň gowy taksi sürüjilerini we işjeň müşderilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 25-nji noýabrda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Türkmenistanyň «Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» programmalary çäginde iň gowy sürüjileriň we işjeň müşderileriň sylaglanýan dabarasy boldy. Bu çäre taksi hyzmatynyň hiline we howpsuzlygyna goşan goşantlary mynasybet bilen geçirildi.

Bäsleşik «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we onuň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gurnaldy. Dabarada iň köp sargyt ýerine ýetirip, üstün netijelere ýeten 20 sürüji we iň köp sargyt berýän 10 müşderi sylaglanyldy.

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy, şol sanda ençeme ýyl bäri halkymyza halal zähmeti bilen hyzmat edýän halypa sürüjilere hem ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň maksady diňe bir sürüjileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem müşderilere hödürlenýän hyzmatyň hilini täze derejelere çykarmak boldy. Her bir sürüjiniň yhlasly zähmeti we müşderilere bolan aladasy hyzmatyň esasy gymmatlyklarynyň biridir.

Çäräniň netijeleri ýurduň ulag pudagynyň ösüşini, hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlanýandygyny we müşderlere hyzmat ediş mümkinçilikleriň netijeli ýokarlanýandygyny görkezdi. Iň gowy sürüjiler we işjeň müşderiler guramaçylar tarapyndan tüýs ýürekden gutlandy we olaryň geljekde hem uly üstünlikler gazanmagy arzuw edildi.