CMA CGM türk logistika kompaniýasyny satyn alýar
02 Maý 2025
CMA CGM türk logistika kompaniýasyny satyn alýar

Türk konglomeraty Borusan öz logistika kompaniýasy Borusan Tedarik Zinciri Çözümleri we Teknoloji Anonim Şirketini fransuz CMA CGM konteýner kompaniýasyna satýar — diýip, Bloomberg neşiri habar berýär. Şertnamanyň bahasy 440 million dollar möçberinde bahalandyrylýar.

«Borusan kompaniýasy Ceva Logistics (CMA CGM kompaniýasynyň bir bölegi) bilen Borusan Tedarik Zinciri Cozumleri we Teknoloji kompaniýasynyň ähli paýlaryny satmak barada borçnamalandyrylan şertnama gol çekdi. Şertnamanyň bahasy dolanyşyk serişdeleriniň gymmatyny sazlamaklygyň çäklerinde tölenilmäge degişlidir» - diýip, neşir Borusan kompaniýasynyň beýanatyndan jümle getirýär.

«Biz Türkiýäni uly ösüşe garaşýan strategiki ýerlerimizden biri hökmünde kesgitledik» - diýip, Ceva Logistics kompaniýasynda belleýärler.

Şertnama kadalaşdyryjy edaralaryň tassyklamagyna degişlidir.

2019-njy ýylda CMA CGM kompaniýasy tarapyndan satyn alnan Ceva Logistics soňky ýyllarda Ingram Micro kompaniýasynyň CLS bölümini, GEFCO we ýakyn wagtda Bolloré Logistics ýaly birnäçe iri logistika bazarynyň oýunçylaryny özüne birikdirdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»